SANLY BANK HYZMATLARYNYŇ ULGAMY
“Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamy näme?
Bank tarapyndan müşderlerine onlaýn-menzilara bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän çözgütleriň toplumy. Müşderiler “Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamy arkaly özüne hyzmat edýän bankyna barmazdan, internet torunyň üsti bilen hasaplaryň galyndylary, olar boýunça geçirilen herekleri islendik wagtda görüp, amallary ýerine ýetirip we beýleki bank tarapyndan berilýän hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler.
“Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamynyň esasy wezipeleri
Adaty bank hyzmatlaryny häzirki zaman ýokary talaplaryna laýyk getirmek, müşderilere amatly bolan şertlerde hyzmat etmek, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ösmegine öz goşandyny goşmak.

“Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamynyň
müşderilere berýän mümkinçilikleri:
+ Yuridiki taraplar üçin ulgamyň kömegi bilen olaryň hasaplaryndaky
hereketlerini islendik wagtda görmek;
+ Yuridiki taraplar üçin ulgamyň kömegi bilen bank hasaplardan geçen
amallaryny görmek;
+ Yuridiki taraplar üçin ulgamyň kömegi bilen täze bank hasabyny açmak
üçin ýüztutmak;
+ Banka barmazdan, ulgamyň kömegi bilen bank hasabyndan tölegleri ýerine
ýetirmek;
+ Banka barmazdan, ulgamyň kömegi bilen Karz serişdelerini almak üçin
ýüztutmak we ol ýüztutmanyň ýagdaýyny görmek;
+ Yuridiki taraplar üçin ulgamyň kömegi bilen hereket edýän karzlarynyň
ýagdaýyny görmek we olar barada maglumat almak şeýle hem karzlar
boýunça karzy gaýtarmagyň grafigini görmek;
+ Banka barmazdan, ulgamyň kömegi bilen işgärleriň aýlyk zähmet
haklarynyň wedomostyny elektron görnüşinde ugratmak;
+ Banka barmazdan, ulgamyň kömegi bilen daşary ýurt puluny
satyn almak we satmak üçin ýüztutmak we ol ýüztutmanyň
ýagdaýyny görmek;
+ Ulgamyň kömegi bilen bank goýumlarynyň ýagdaýy we
goýum hasaplaryndaky galyndylaryny görmek;
+ Ulgamyň kömegi bilen müşderi banka barmaga isleg bildiren
ýagdaýynda öňünden nobata durmak ýa-da haýsy maksat we haçan
barjakdygyny öňünden bellemek.
+ Ulgamda ýuridiki taraplar we bankyň işgärleriniň arasynda
özara hat alyşmagy;
+ “Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamynda onlaýn ýagdaýda
sorag-jogap alyşmak (çat) gullugy;
+ Hasap açmak boýunça ýüztutmak we ol ýüztutmanyň
ýagdaýyny görmek.

Maglumat howpsuzlygy
“Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamynda töleg geçirilende we ulgama giriş amala aşyrylanda iki faktorly autenti ikasiýa ulanmak we aragatnaşygyň serti ikatlaşdyrylan howpsuz ugurlary (kanallary) (SSL) ulanmak arkaly ýokary derejeli maglumat howpsuzlygy amala aşyrmak.


“Sanly BANK” hyzmatlarynyň ulgamynyň programma paketleriniň görnüşleri:
